Zelenski bilen gürleşeninden soň, Alyýew Ukraina 2 million dollarlyk ynsanperwer kömegini berýär

Ylham Alyýew

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Ukraina ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, respublikanyň Energetika ministrliginiň serişde bölüp bermegi baradaky buýruga gol çekdi diýip, Azertac döwlet habar agentligi ýazýar.

Azerbaýjanda öndürilen elektrik enjamlaryny satyn almak we ibermek üçin iki million dollar bölünip berler.

Russiýanyň Ukrainada Azerbaýjan bilen baglanyşykly energiýa desgalaryna garşy urýan zarbalary dowam etse, Azerbaýjanyň häkimiýetleri öz ätiýaçlyklaryndaky ýaraglary Kiýewe geçirmek baradaky gadaganlygy hem ýatyryp biler.

Bu habary Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň töweregine ýakyn telegram kanallary habar berdi.

Russiýanyň "Woenkor Kotenok" telegramm kanalynyň "birnäçe çeşmäniň maglumatyna” salgylanyp ýazmagyna görä, Baku eýýäm Ukraina ibermek üçin 122 mm we 155 mm artilleriýa toplarynyň önümçiligini ýola goýýar; islendik ýagdaýda karar kabul edildi".

"Meduza" neşiri Alyýew bilen Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň eden telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň golaýda Azerbaýjanyň Odessa sebitinde ýerleşýän nebit ammaryna uran zarbasyny ýazgarandygyny belleýär.