ÝB daşary işler ministrleri duşuşýar, Putin – Tramp duşuşygynda Zelenskiniň hem orun almagyna çagyrylýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde), Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski (ortada) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda)

Ýewropanyň daşary işler ministrleri şu hepde ABŞ prezidenti Donald Tramp bilen onuň rus kärdeşi Wladimir Putiniň Ukrainada urşy soňlamak boýunça geçirjek gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen 11-nji awgustda duşuşyk geçirýärler. Brýussel Putin – Tramp sammitinde Kiýewiň hem orun almagyny gazanmaga çalyşýar.

ÝB-niň baş diplomatlary günüň dowamynda wideo maslahat geçirerler. Bu maslahata ukrain daşary işler ministri Andriý Sybiha hem gatnaşar. Bu wideo konferensiýada 15-nji awgustda Alaskada geçiriljek duşuşyk ara alnyp maslahatlaşylar. Gepleşikler ABŞ resmileriniň parahatçylyk ylalaşygynyň Ukrainanyň Russiýa territoriýa bermegini öz içine alyp biljekdigi barada barha köp çykyş edýän pursatynda geçirilýär.

“Ukrainada parahatçylyga barýan ýol Ukrainasyz kararlaşdylyp bilinmez” diýip, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Polşa, Britaniýa we Finlýandiýa liderleri, şeýle-de ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen bilelikde çap eden beýanatynda aýtdy. Olar Trampy Russiýa has köp basyş etmäge çagyrdylar.

Degişli maglumat Zelenski bilen gürleşeninden soň, Alyýew Ukraina 2 million dollarlyk ynsanperwer kömegini berýär

Waşington Kiýew bilen Moskwanyň ikisini-de möhüm egilşiklere taýýarlaýan ýaly bolup görünýär. ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wans 10-njy awgustda islendik parahatçylyk ylalaşygynyň iki tarapy hem ‘kanagatsyz’ galdyryp biljekdigini aýtdy.

“Bu, hiç kimi gaty bir begendirmez. Ahyrynda, ruslar-da, ukrainlar-da, mundan kanagatsyz bolarlar” diýip, Wans 10-njy awgustda “Fox News” telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Gepleşikler möhüm öwrüm pursatynda bolup geçýär. Tramp Putin barada barha köp ynjalyksyzlyk beýan edýär, rus prezidenti Kremliň maksimalist talaplaryndan el çekjege meňzemeýär.

Tramp soňky wagtlarda uruş boýunça islendik çözgüdiň “ýer almaşmagy” öz içine alyp biljekdigini teklip edip başlady.

Ol aýdyňlaşdyrmaýar, ýöne haýsy ýerleriň almaşylyp bilinjekdigi aýdyň däl, sebäbi Russiýa Ukrainanyň uly çägini basyp aldy, ýöne Ukraina häziriki wagtda hiç hili rus çägini basyp almady.

Her niçik-de bolsa, bu bellikler ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskide hem-de Kiýewiň ýewropaly ýaranlarynda güýçli garşylyk döretdi. Ýaranlar Ukrainanyň howpsuzlygy we çäk bitewiligi boýunça berk goldaw beýan edýärler.

Degişli maglumat ÝB Russiýa garşy täze sanksiýalary, şol sanda nebitiň bahasyna möhüm çägi tassyklady

“Urşuň soňy adalatly bolmaly, we men bu günki günde, biziň ýewropaly halklarymyzyň möhüm howpsuzlyk bähbitlerini goramak bolan Ukrainada parahatçylygyň hatyrasyna Ukrainany we biziň halkymyzy goldaýan hemmelere minnetdardyryn” diýip, Zelenski 10-njy awgustda sosial media postunda aýtdy.

Ol Kiýewiň Günbatar ýaranlardan kabul eden goldaw beýanatlaryny “doly goldaýandygyny we gadyr edýändigini” aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol özüniň 10-njy awgustda beren gijeki ýüzlenmesinde “biz Russiýanyň niýetiniň Amerikany aldamak bolandygyna düşünýäris – biz muňa rugsat bermeris” diýdi.

Ýewropaly liderler Trampyň 41 aý bäri dowam edýän çaknyşygy çözmäge synanyşýan tagallalaryny makulladylar ýöne olar Moskwa basyş etmegiň zerurlygyny hem-de Kiýewiň howpsuzlyk kepillikleri bilen üpjün edilmegini nygtadylar.

Kiýewiň Günbatar ýaranlarynyň 10-njy awgustda çap eden beýleki beýanatynda Demirgazyk Ýewropa we Baltika ýurtlary Ukraina goldaw beýan etdiler we parahatçylygyň diňe Russiýa basyşy artdyrmak arkaly gazanylyp bilinjekdigini aýtdylar.

Daniýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Islandiýa, Latwiýa, Litwa, Norwegiýa we Şwesiýa liderleri “halkara çäkleriň güýç bilen üýtgedilmezligi ýörelgesini” özleriniň ýene bir gezek tassyklaýandyklaryny aýtdylar.

Degişli maglumat Trampyň Ukraina baradaky syýasatyndaky öwrülişik we Putine berlen 50 günlük möhlet

The Wall Street Journal, atlary aýdylmaýan gepleşikçilere salgylanyp, ýewropaly resmileriň takyklaşdyrylmaýan ABŞ meýilnamasyna garşy teklip hödürländiklerini, bu teklibiň başga islendik ädimden öňürti ot açmagyň bes edilmegi, şeýle-de islendik territoriýa alyş-çalşygynyň garşylykly bolmagy hem-de onuň howpsuzlyk kepilliklerini öz içine almagy ýaly talaplardan ybarat bolandygyny aýtdylar.

Ýewropaly resmiler 9-njy awgustda Londonyň daşynda bir ýörite jaýda ukrain we ýewropaly resmiler bilen bolan duşuşykda öz tekliplerini Wansa hödürlediler diýip, hasabat aýtdy.

Russiýanyň çozuşy soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Ýewropada bolan iň uly gury ýer söweşi boldy. Uruş Ukrainany weýrançylyga, Russiýany transformasiýa sezewar etdi. Ol rus ykdysadyýetini uruş maşynyna öwrüp, bu ýurtda özge pikiri jenaýat hasaplaýan polisiýa-döwlet hökümetini esaslandyrdy.

Günbataryň çaklamalaryna görä, uruşda Moskwanyň ýitgileri, ölenleriň we ýaralananlaryň sany bir million adamdan gowrakdyr. Ukrainada uruşda wepat bolanlaryň sany 100 müňden geçendir öýdülýär, umumy adam ýitgileri 400 müň çemesi bolandyr.

Gepleşikler golaýlaýan mahaly, iki tarap hem bir-birege hüjüm etmegi dowam etdirýärler.

Wise-prezident JD Wans (çepden ikinji) 8-nji awgustda britan daşary işler ministri Daiw Lammy (çepde) bilen Angliýanyň Kent şäherindäki Çiwining öýünde duşuşyk geçirýär.

11-nji awgustda irden Ukrainanyň Dnipropetrowsk, Sumy, Zaporižýe sebitlerine rus zarbalary uruldy, ukrain dronlary Russiýanyň has içinde desgalary nyşana aldy.

Ukrainanyň Howa güýçleri Şatalowo, Kursk, Millerowo, Primorsko-Ahtarsk rus şäherçelerinden atylan 71 pilotsy uçardan 59 “Şahed” dronyny özüniň üstünlikli urup ýykandygyny aýtdy. 12 dron alty ýere baryp urmagy başarypdyr, beýlekileriň parçalary bir desga gaçypdyr.

Russiýanyň Nižniý Nowgorod sebitiniň gubernatory Gleb Nikitin 11-nji awgustda Arzamasa garşy edilen pilotsyz uçar hüjüminde bir işçiniň ölüp, iki adamyň ýaralanandygyny tassyklady. Ukrainanyň sosial media kanallary Arzamasdaky gural ýasaýjy desga edilen zarbany görkezýändigi aýdylýan wideo maglumatlary paýlaşdy.

Rus harbylary öten agşam birnäçe sebitde, şol sanda Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krym sebitiniň üstünde özüniň 39 sany ukrain dronyny urup ýykandygyny aýtdy.