Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp maksadynyň Putini Zelenski bilen duşurmakdygyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonda geçirilen metbugat ýygnagynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyn wagtda boljak gepleşikleriniň esasy maksadynyň Ukrainadaky urşy togtatmakdygyny aýtdy.

Ahyr netijede, Tramp uruşýan ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk guramak isleýändigini aýtdy. "Ahyrynda men olaryň ikisini bir otaga salaryn. Belki, meniň özümem şol ýerde bolaryn, belki-de bolmaryn. Şeýlelikde, meniň pikirimçe [dawa] çözüler" diýip, Tramp aýtdy.

ABŞ-nyň prezidentiniň sözlerine görä, 15-nji awgustda Putin bilen boljak duşuşyk synag duşuşygy bolar. Amerikan lideri gepleşikleriň gowy-da, erbet hem bolup biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, Tramp ABŞ-nyň bu konfliktdäki araçylyk tagallalarynyň bes edilip biljekdigini ýaňzytdy.

XS
SM
MD
LG