Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlar emeli aňdan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär, howpsuzlyk gullugy gözegçiligi güýçlendirýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Milli howpsuzlyk ministrligi emeli aňdan peýdalanmaga barha köp gyzyklanma bildirýän ýaşlara gözegçiligi güýçlendirýär diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 11-nji awgustda ýurduň esasan Ahal we Lebap welaýatlarynyň howpsuzlyk edaralarynda girişilen çäreler barada maglumat berdiler.

Ýerli häkimiýetler, ChatGPT we DeepSeek ýaly emeli intellekt platformalarynyň üsti bilen, ýurtda garaşsyz maglumat elýeterliliginiň artmagyndan howatyr edýärler diýip, çeşmeler aýdýar.

“Milli howpsuzlyk ministrligine görä, şeýle platformalar Türkmenistanda alnyp barylýan resmi propagandanyň täsirini gowşadýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, anonim şertlerde söhbetdeş bolan çeşme aýdýar.

Lebap welaýatyndan bolan bir informasiýa tehnologiýalary hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde soňky wagtlarda bu ugurda howpsuzlyk gulluklarynyň işjeňeşleşendigine özüniň şaýat bolýandygyny aýdýar.

“MHM işgärleri maňa jaň edip, bu tehnologiýalaryň işleýiş tertibi, bulardan esasan kimleriň peýdalanýandygy, şeýle ulgamlardan näme sebäpden peýdalanylýandygy barada malgumat soraýarlar” diýip, hünärmen aýtdy.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän OpenAI kompaniýasy 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ChatGPT emeli aň modelini işe girizdi. Gysga wagtyň dowamynda giň meşhurlyga eýe bolan ulgamdan häzirki wagtda dünýäde, her hepdede, 700 million töweregi aktiw ulanyjy peýdalanýar.

ChatGPT türkmen diline düşünýär, ýöne iňlis we rus dilleri ýaly iri dillerde has erkin jogap berýär. Bu platformanyň meşhurlyk gazanmagyndan sähel wagt soňra, Hytaýyň DeepSeek emeli aň platformasy hem ulanylmaga berildi.

Hytaýyň döwlet syýasaty bilen bagly pikir-düşünjeleri we tankydy garaýyşlary senzuralamakda tanalan bu platforma, türkmenistanly ulanyjylara görä, Türkmenistanyň alyp barýan awtoritar syýasatyny tankytlamakdan çekinmeýär.

Lebap welaýatynda şeýle ulgamlardan giňden peýdalanýan bir ýaş ýetginjek Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde özüniň ChatGPT-den Türkmenistanyň hökümetiniň öz raýatlaryndan gizleýän maglumatlaryny bermegi haýyş edendigini gürrüň berýär.

“Men ChatGPT-den ‘Türkmenistanyň hökümeti öz raýatlaryndan nähili maglumatlary gizleýär, şolar barada maňa maglumat ber’ diýip, rus dilinde soradym. Ol maňa Türkmenistanyň awtoritar ýurt bolandygyny gürrüň berdi” diýip, 9-njy synp okuwçysy aýdýar we bu ýurtda özge pikirli adamlara garşy görkezilýän basyşlar barada hem özüniň maglumat alandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Informasiýa tehnologiýalary hünärmeni emeli aň ulgamlarynyň hiç haýsynyň, hatda Hytaýyň döwlet syýasaty boýunça käbir maglumatlary senzuradan geçirmekde tanalýan DeepSeek platformasynyň hem, Türkmenistana gezek gelende “syýasaty we syýasatçylary aýap goýmaýandygyny” aýdýar.

“Hytaý ýaly berk senzuranyň höküm sürýän ýurdunda esaslandyrylan DeepSeek platformasy hem Türkmenistanyň reallyklary barada hakyky maglumatlary berýär” diýip, hünärmen aýdýar.

Howpsuzlyk edaralarynda ilat arasynda emeli aň platformalaryndan peýdalanylmagyna garşy girişilýän çärelerden habarly çeşme bu ugurda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň häkimiýetler tarapyndan hyzmatdaşlyga çekilýändigini aýdýar.

“Milli howpsuzlyk ministrligi ýokary synp mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň arasynda esaslandyran şugulçylyk toruny giňeldip, olardan öz deň-duşlarynyň emeli aňdan peýdalanmak endikleri barada maglumat bermegi talap edýärler” diýip, çeşme aýdýar.

Çeşmeler Internet ulgamyny berk petiklemekde tanalýan Türkmenistanda ChatGPT-niň birnäçe modeliniň VPN-siz hem işleýändigini aýdýarlar. Ýöne olar bu ulgamyň tölegli görnüşiniň ýurt içinde elýeterli däldigini aýdýarlar.

“ChatGPT-niň mugt görnüşini telefonlara ýükläp, olardan päsgelçiliksiz peýdalanyp bolýar” diýip, ulanyjy aýdýar.

Azatlygyň çeşmesi, hususan-da, ýaş raýatlaryň bu ulgamlardan Türkmenistanda petikli saýtlara ýerleşdirilýän maglumatlary almak üçin hem peýdalanýandyklaryny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG