Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda birnäçe ýüz adam toýda iýmitden zäherlendi-çeşmeler


Toý desgasy. Türkmenistan (arhiw suraty)
Toý desgasy. Türkmenistan (arhiw suraty)

Daşoguzda bir toýa gatnaşan adamlaryň köpçülikleýin zäherlenmegi bilen bagly ýagdaý ýüze çykdy. Görogly etrabynda 4-nji awgustda bolan bu pajygaly ýagdaý barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri käbir maglumatlary anykladylar.

Görogly şäheriniň merkezinde ýerleşýän toýhanada geçen hepdäniň duşenbe güni öýlän geçirilen nika toýuna 500 çemesi adam gatnaşyp, olaryň tas ählisi özlerini erbet duýup, keselhana düşýär.

"Toýda zäherlenme alamatlary bilen myhmanlaryň tas ählisi keselhana düşdi. Toýda adamlaryň nahardan beýle köpçülikleýin zäherlenmesi Daşoguz welaýatynyň taryhynda, megerem Türkmenistanyň taryhynda hasaba alnan däldir" diýip, daşoguzly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Birnäçe ýüz adamyň zäherlenmegine we azyndan iki adamyň ýogalmagyna azygyň sebäp bolandygyny çeşmeler aýdýarlar.

Toýhanada ýüze çykan bu ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeler gören ýagdaýlary barada şeýle gürrüň berdiler:

"Ilki adamlary Göroguly etrap hassahanasyna tiz kömek ulaglarynda we hususy awtoulaglarda alyp gitdiler. Soňra 300 adamdan köp hassany kabul etmek mümkinçiligi bolmadyk etrap keselhanasy adamlary Daşoguz şäherindäki köpugurly hassahana ugratdy, 80 çemesi adam Daşoguzda hassahana ýerleşdirildi" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary toýda zäherlenip, Görogly etrabynyň hassahanasyna ýerleşdirilen adamlardan ikisiniň aradan çykandygyny we ýene 10-dan gowurak adamyň agyr ýagdaýda hassahanada galýandygyny anykladylar.

Azatlyk Radiosy ygtybarly çeşmeleriň beren bu maglumatlary barada Daşoguz welaýatynyň we Görogly etrabynyň sagly resmilerinden we häkimlik wekillerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Toýda adamlaryň zäherlenmegine anyk nämäniň we haýsy azygyň sebäp bolandygy kesgitli däl. Emma käbir çeşmeler ýagdaýy derňeýän häkimiýetleriň muny etden görýändigini aýdýarlar we soňky döwürde welaýatda mallaryň köpçülikleýin gyrylýandygyny belleýärler.

"Toýdaky zäherlenmäniň baş sebäbi häzir welaýatda giň ýaýran we esasan sygyrlarda hasaba alynýan hassalyk bilen baglanyşdyrylýar" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy. Başga bir çeşme "mala ýara örýän näbelli ýokanç keselli malyň etiniň sebäp bolandygy anyklandy. Ol zäherlenen raýatlar karantine alyndy" diýip, gürrüň berdi.

Habarçylaryň sözlerine görä, birnäçe aý bäri Daşoguzda iri şahly mallaryň haram ölmegi bilen bagly ýagdaý saklanýar, muňa sebäp bolýan ýokanç keseline garşy çäre we derman tapylmaýar.

"Hususy hojalyklarda we döwlet eýeçiligindäki hojalyklarda sygyrlar bu wirusdan haram ölýär. Ähli etraplarda mallaryň derisinde şänik şekildäki çişler döreýär. Syryglar 10 günläp hiç zat iýmän haram ölýär" diýip, daşoguzly çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Akdepe etrabynda mallaryň haram ölmegi oba ilatyna agyr ykdysady zarba bolupdyr, mallaryň tas ýarysy gyrylypdyr.

Şeýle-de, çeşmeler Daşoguz welaýatynda öndürilýän etiň tutuş ýurduň et üpjünçiligine uly goşant goşýandygyna ünsi çekýärler.

Türkmenistanda pajygaly ýagdaýlar resmi taýdan agzalmaýar. Häkimiýetler maglumat we düşündiriş bermekden ýüz öwürýän wagtynda, döwlet mediasynda hem habar çap edilmeýär.

Şu tomsuň başyndan bäri ýurduň dürli böleklerinde dowam edýän mal hassalygybarada garaşsyz habar beriş çeşmeleriň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň beren birnäçe maglumatyna türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç hili reaksiýa bolmady.

Şol bir wagtda raýatlar mallarynyň haram ölmeginden howatyrlanyp, diri mallaryny satýarlar ýa-da soýup etini satýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG