Wladimir Putiniň Waldaýdaky rezidensiýasynyň töwereginde 12 howa gorag pozisiýasy guruldy, diňlerde esasan “Pantsir-S1” howa goragy ulgamy bar. “Yandeksiň” täze hemra suratlaryny we Yandeks.Zekalo gullugynyň suratlaryny öwrenmek bilen, bu habary Azatlyk radiosynyň Rus gullugy habar berdi.
Aýdylmagyna görä, Putiniň çak edilýän ýoldaşy Alina Kabaýewa we onuň çagalary köp wagtyny Waldaýda geçirýär.
"Proekt" 2023-nji ýylda onuň özi we çagalary üçin täze jaýyň gurlandygyny, Kabaýewanyň kömekçileriniň bolsa bu ýaşaýyş jaýyndan uzak bolmadyk ýerde kwartira satyn alandyklaryny habar berdi.
Şol bir wagtda, ilaty 20 milliondan gowrak bolan Moskwa şäherinde we Moskwa sebitinde žurnalistler bary-ýogy 60 howa goragy nokadyny tapdylar.