Ol soňky aýlarda Russiýanyň söweş meýdanyndaky iň uly öňe gidişlikleriniň biri bolup durýar. Ukraina üçin bolsa, ters wagtda bolup geçýän howply ýagdaý.
Geçen hepdäniň ahyrlarynda rus goşunlary demirgazyk Donbasda, Dobropillýa şäherçesiniň gündogarynda ýerleşýän Pokrowsk şäherinde Ukrainanyň goranyş çyzygyny böwüsdi. Harby analitiklere, şeýle-de, ukrain we rus açyk-çeşme bloggerlerine görä, rus birikmeleri Zolotiý Kolodýaz obasyny ele geçirip, hem-de Dobropillýadan demirgazyga tarap uzap gidýän ikinji derejeli üpjünçilik ýoluna golaýlaşyp, öňki front çyzygyndan demirgazyga tarap 17 kilometr çemesi öňe süýşüpdir. Bu, söweş meýdanynyň ölçeglerine görä, ägirt uly öňe gidişlik bolup durýar.
Käbir açyk-çeşme bloggerleri rus güýçleriniň degişli üpjünçilik ýoluny we obany, eýýäm, ele geçiren bolmaklarynyň hem ahmaldygyny aýdýarlar, eger şeýle bolsa, onsuz hem gabaw astynda galýan Pokrowsk şäherine barýan üpjünçilik liniýalaryna has uly wehim abanýar. Geçen hepde, şäheriň günorta eteklerinde rus ýykgynçy birikmeleri peýda bolupdyr. Olar şäher merkezinde ýerleşýän otly menziline tarap süýşüp barýar.
Ukrainanyň baş harby serkerdesi general Oleksandr Syrskiý 12-nji awgustda Telegramda paýlaşan postunda “aňtaw otrýadlarynyň” käbir ukrain pozisiýalaryndan aşyp geçendiklerini tassyklady: “Käbir toparlar bireýýäm ýok edildi, galanlaryny hem ýok etmek işleri dowam edýär” diýip, ol belledi.
Käbir tejribeli bölümçelerden ybarat toparlar bilen goranyş güýçlendirilýär.
ABŞ prezident Donald Tramp bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň Alýaskada 15-nji awgustda meýilleşdirilýän ýüzbe-ýüz duşuşygynyň bosagasynda bolup geçýän ýitgiler aladalandyrýar, hatda howsala döredýär diýip, ekspertler aýdýar. Tramp bu duşuşykda “ýer alyş-çalşygyny” öz içine alýan ylalaşygyň gazanylyp bilinjekdigini aýdýar.
“Eger-de ukrainalylar çaltlyk bilen ýagdaýy dikeltmeseler we ruslar hem has berkäp, çyzygy doly böwüsmegi başarsalar, onda bu, urşuň has möhüm wakalarynyň biri bolup biler” diýip, finlýandiýaly ätiýaçdaky ofiser, “Gara guş topary” atly açyk-çeşme aňtaw guramasynyň harby analitigi Pasi Paroinen aýtdy. “Köp zat ukrainalylaryň nähili gaýtawul berip biljegine bagly bolup durýar” diýip, ol belledi.
“Edil häzirki tapgyrda Pokrowskyň synmagy wagt meselesi bolup durýar” diýip, golaýda Ukrainanyň front pozisiýalaryna aýlanyp gelen polşaly harby analitik Konrad Muzyka aýtdy.
“Ukrainalylarda şäherde söweşere esger güýji ýok, olarda şäherçäniň günorta böleklerinde ruslaryň öňüni kesip, gapdal manýowrlary amala aşyrar ýaly güýç ýok” diýip, ol aýdýar. “Biz häzir, megerem,diňe egleme hereketlerini, mümkin boldugyndan ruslary has köp ýitgilere sezewar etmek tagallalaryny synlaýarys...şäheri yzyna gaýtaryp almak synanyşyklaryny däl” diýip, Muzyka belledi.
Ukrainanyň bir harby metbugat sekretary rus böwüsmeleri baradaky habarlary aç-açan ret etdi.
“Ruslar kiçi toparlar arkaly goranyşyň birinji çyzygyndan syzyp geçmek taktikalaryndan peýdalanýarlar, bir topar adam ýitgilerine sezewar bolýarlar, Dobropillýanyň golaýynda şeýle boldy” diýip, podpolkownik Wiktor Tregubow 12-nji awgustda Facebook-da paýlaşylan wideoda aýtdy. “Bir kiçi topar ukrain pozisiýalaryndan geçip, biziň tylymyzda gizlenmäge synanyşdy, ýöne [biziň ýaragly güýçlerimiz] şeýle synanyşyklary yza serpikdirýär” diýip, ol belledi.
'Biz öldürmegi dowam etdirýäris, olar bolsa ibermegi'
Russiýanyň läheň goşun güýjüne we has köp ýaraglara eýe bolandygyna garamazdan, 1100 km uzynlygy bolan front çyzygy, geçen gyşdan bäri, örän ýuwaş depginde süýşdi.
Ukrainanyň söweş meýdanyndaky innowasiýa mümkinçiligi, hususan-da dron söweşleri, Kiýewi, Eýranda öndürilýän kamikaze pilotsyz uçarlaryna köpden bäri garaşly galan rus güýçlerinden sähel tapawutlandyrýar.
Ýöne Russiýa Ukrainanyň tehnologiýa innowasiýalary bilen barabarlaşyp, hem ukrain dronlaryna päsgel berip bilýän elektronik signal sowujylardan, hem-de signal sowujylardan sowulmagy başarýan fiber-optiki dronlardan peýdalanýar.
Moskwa ganatly bomabalardan hem peýdalanýar. Uçarlar has howpsuz ýerden bombalap biler ýaly, olar adaty agyr bombalaryň gaýtadan ýasalan ganatly görnüşlerinden peýdalanýarlar. Bu bombalar ukrain garymlaryny we haraba binalarda ýerleşýän ukrain pozisiýalaryny ýok edýär.
Ruslaryň Ukrainanyň front çyzygyny böwüsmekde peýdalanýan iň ganly taktikalarynyň ýene birisi – ýeňil ýaraglanan esgerleriň motosikllerde, dronlardan gaçyp, ukrain pozisiýalaryndan aşmagy başarmagy we yzdan hüjüm etmegi bolup durýar.
Motorly hüjümler has köp rus ýitgilerine alyp gelse-de, şeýle taktikalar netije berýär, sebäbi Ukrainada garymlary gorar ýaly ýeterlik derejede esger ýok.
“Biz olary öldürmegi dowam etdirýär, olar bolsa olary ibermegi dowam etdirýärler” diýip, Ukrainanyň 36-njy harby-deňiz brigadasynyň serkerdesi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukraina gullugyna gürrüň berdi. Harby düzgünnamalara laýyklykda, ol özüni “Tihiý” diýip tanyşdyrdy. “Eger olar bir ýerden geçip bileris öýtseler, dessine esgerleri iberýärler. Bu edil garynjalaryň ulanýan taktikalaryna meňzeýär. Olar ol ýerde şekeriň bardygyny bilýärler we ählisi şol tarapa hereket edip başlaýarlar” diýip, ol belledi.
Bu aralykda, Ukraina esger ýetmezçiligini, hususan-da gury ýer goşunlarynda esger ýetmezçiligini başdan geçirýär.
Kanun çykaryjylar geçen ýyl mobilizasiýa düzgünlerini berkleşdirdiler, ýöne bilermenler harby wekilhanalaryň hem meýletinleri özlerine çekmekde, hem-de olar bilen kadaly türgenleşik geçirmekde kynçylyklara sezewar bolup gelýändiklerini aýdýarlar.
Täze döredilip, Fransiýada türgenleşik geçip gelen ýaragly brigadalaryň birinde, söweş meýdanyna barmazdan öňinçä hem soňundan, bir topar adam gullukdan gaçdy. Munuň bilen baglylykda jenaýat derňew işleri gozgaldy, bölüm serkerdesi işden çekildi.
Doborpillýanyň golaýynda bolup geçen böwüsmäniň ruslaryň ýykgynçy we aňtaw birikmeleriniň Ukrainanyň pozisiýalarynyň yzyna syzmagyndan soňra bolup geçen bolmagy mümkin. Pokrowkyň beýleki käbir böleklerinde hem şeýle bolýan ýaly.
Eger-de Russiýa häzirki pozisiýalarda hem-de ýolda gözegçiligi özlerinde saklamagy dowam etdirseler, bu ukrain dron çyzygyny bölüp biler. Şeýle bolsa, rus güýçlerine günorta Pokrowsk we demirgazyk Kramatorsk tarapa süýşmäge mümkinçilik bolar.
“Bu esger güýjüniň ýetmezçiliginiň netijesidir” diýip, Muzyka aýtdy. “Öň çyzykdaky ukrain goşunlary gaty ejiz. Olarda öz galdyran galalaryny goramaga, öz gazan garymlaryny goramaga adam ýok” diýip, ol belledi.
Ukraina üçin “iň uly ýetmezçilik esger güýjüniň ýetmezçiligi bolup durýar, munuň şeýledigini tutuş front çyzygynyň ugrunda duýsa bolýar” diýip, polşally harby analitik aýdýar. “Men mobilizasiýa bilen bagly mesele çözüler öýdemok, sebäbi bu Ukrainanyň uruş alyp barşynda düýp meselesi bolup durýar” diýip, ol belledi.
Forum